ARKADAGYŇ ŞADIWANYNYŇ ŞUGLASY

     Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykyp elimize gowuşmagy tutuş halkymyzyň uly ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Şöhratly geçmişimiziň beýany bolan bu ajaýyp kitapda halkymyzyň şan-şöhrata beslenen taryhy, guran ajaýyp döwletleri, ýol-ýörelgeleri çeper beýan edilýär. Kitabyň sahypalaryny yzarlap merdana pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerine, ruhy we medeni mirasymyza göz ýetirmek, olara guwanmak biz — ýaşlar üçin mertebedir.

     Biz hem Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň ähmiýetini, many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Lebap welaýat kitaphanasynda kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdik. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda halkymyzyň beýikligine, taryhyna göz ýetirmekde, milletimiziň geçmişini düýpli öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy nygtaldy. Dogrudan hem Milli Liderimiziň bu kitaby-da beýleki Şadiwanlary ýaly, gadymy halkymyzyň şan-şöhrata beslenen ençeme asyrlyk taryhynyň çeper beýany bolup, islendik okyjyny özüne çekýär. Bu kitap alym Arkadagymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolmak bilen, gadymy halkymyzyň geçmişini öwrenmekde ýaşlaryň ýan kitabyna öwrüler. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Akmyrat NIKOLAÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

15 Ýanwar 2025 | 0 okalan

SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

11 Ýanwar 2025 | 161 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

11 Ýanwar 2025 | 228 okalan

BILIM KÄMILLIGIŇ BINÝADY