PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär, halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň hoşniýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagyna giň ýol açylýar. Geçmiş taryhymyzda açyk asmanyň asuda bolmagy pederlerimiziň ynanjy bolupdyr. Ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige, myhmansöýerlige ýugrulan asylly ýörelgeler häzirki döwürde döwrebap ösdürilýär we dünýä ýaýylýar. Munuň özi merdana halkymyzyň päk kalbynyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň miwesidir. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. TMÝG-nyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan  Köýtendag etrap Häkimliginde 2025-nji ýylyň halkara derejesinde ýurdumyzyň teklip etmegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk, ynanyşmak ähli ösüşleriň özeni» ady bilen ýaşlaryň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda taryhyň sahypasyna sünnälenip ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalara şanly pursatlara beslenendigini bu ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belent derejelerde toplanandygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyşlaryň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ýürek buýsançlary uly joşgun bilen diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkyny beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

 

Dastan AŞYROW

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

15 Ýanwar 2025 | 0 okalan

SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

11 Ýanwar 2025 | 161 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

11 Ýanwar 2025 | 228 okalan

BILIM KÄMILLIGIŇ BINÝADY