Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramagynda «Milli mirasymyzyň waspy» ady bilen Dargan galasyna gezelenç guraldy. Dargan galasy Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çäginde ýerleşip, ata-babalarymyzyň döreden bu ajaýyp şäheriniň esasy galasy oňat saklanypdyr. Galanyň diwarynda goranmak üçin edilen ululy-kiçili atyşhanalar syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Öz döwründe bu şäheriň iki sany derwezesi bolup, olar galanyň gündogar we günbatar taraplarynda çylşyrymly ýagdaýda ýerine ýetirilipdir. Şäher merkezi böleginden, demirgazykdan günorta tarapa uzaýan diwar arkaly iki bölege bölünipdir. Şol diwaryň hem iki ýerinde halk köpçüliginiň gatnamagy üçin ýörite niýetlenen geçelgeler bar. Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir.
Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Dünýägözel HAÝTEKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.