GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

     ...«Gadym zamanlarda ile belli söwdagär ýaşaýar eken. Ol Was düzünden alynýan şeker gatylan ýaly datly miwelerden, gawundan edilen kakadylan önümleri öz ýany bilen äkidip, olaryň şöhratyny ýurtdan has uzaga ýaýypdyr. Onuň öz ýurdunyň tebigaty baradaky gürrüňlerinden soň, adamlar çäkmenlik we donluk matalaryň jana ýakymlylygynyň sebäbine düşünipdirler. Uzak illerde türkmen tebigatynyň kemala getiren täsinlikleri baradaky söhbediň muşdaklary hem köp bolupdyr. Ýaňky adam hemişe söwda bilen meşgullanyp, dürli ýurtlara haryt alyp gitmese ýa-da obalaryndaky dükanlary, golaýlaryndaky bazary del harytlar bilen üpjün etmese, güni geçmejek ýaly ekeni. Ýöne ömrüň hem güýzi, gyşy bolýar, ol bir gün özüniň tapdan düşendigini duýýar. Kesbini alyp gitjek ogullary ýetişip gelýär, ýöne heniz olar bil baglardan ejiz. Ogullary hem kakalarynyň özi hiç zat diýmäninden soň, kerwene goşulmakdan çekinipdirler.

     «Wagty gelse, özi bir gün öwreder» diýipdirler.

     Ynha, olaryň pikir edişi ýaly, bir gün kakasy olary ýanyna çagyrypdyr-da, özünde bar bolan harytlary görkezipdir. Kerweniň haýsy ýerlerden geçýändigini, ýolda nähili adamlara duş geljekdiklerini olara birin-birin düşündirip aýdypdyr. Özüniň uzak illerde dostlaşan adamlary barada gürrüň beripdir. Galadan saýlanan ýerinde ýaşaýan dostuny has gowy görýändigini, onuň üýtgeşik gowy adamdygyny aýdypdyr.Şonuň bilen salamlaşmagy aýratyn sargapdyr. Täjiriň ogullary onuň aýdyşy ýaly, ýüklerini bökderip, kerwen bilen ýola düşüpdirler.

     Şol wagt ýaz döwri bolandygy üçin, töwerek burk urýan dürli ösümliklere bürenipdir. Meýdanyň ala-ýazlygyndan oglanlaryň göwünleri açylypdyr. Olar ilkinji gezek ýola çykýandyklaryny-da unudypdyrlar. Kakalarynyň dosty hem ýazlagda ekeni. Onuň söwüş eden hezzetinden oglanlar has-da hoşal bolupdyrlar. «Kakamyzyň nähili uly abraýy bar eken» diýşipdirler.

     Ilkinji düşlän ýerleriniň eýesi olar bilen mylakatly bolupdyr, gaýdyşyn hem özüniňkä sowlup geçmeklerini towakga edipdir. Onuň çagalary bolsa, özleri üçin her hili harytlary sargapdyrlar. Bu ýagdaý öý eýesini oňaýsyzlyga salypdyr. «Azara galyp, aýratyn alada edinip oturmaň!» diýipdir. Ýöne söwdagäriň ogullary onuň bilen ylalaşmandyrlar. Özleriniň sargalan zatlary alyp, sowlup geçjekdiklerini aýdypdyr-lar. Öý eýesi hem olara sargalan zatlar üçin az-owlak pul beripdir. Oglanlar ýola düşüpdirler.

     Olar näçe ýöreseler-de, ýol önmeýän ýaly ekeni. Ýogsam, nätanyş ýerlerden geçip, gümrük pajyny töläp gidip baryşlaryna, ençeme galany aşypdyrlar. Olaryň soňabaka bady gaýdan ýalymyşyn. Olaryň biri: «Ýolda iýen naharymyz ýaramady öýdýän. Ilkibaşda düşlänimizde söwüş edilen dowaryň eti gowy däldi» diýse, ikinjisi: «Maňa-da näme dert bolan bolsa, ol şol başky düşlän ýerimizden iýen agaranymdan boldy» diýýär. Oglanlaryň üçünjisi: «Kakama dostlugam çyn däl bolaýmasa?! Şonuň beren çaýy ýaramady maňa. Kellämiň agyrysy aýrylanok welin, içen çaýymdan görýärin» diýip, onuň hem hiç keýpi ýokmuşyn.

     Garaz, bular boýun alanlary sebäpli, özlerine sargalan harytlary saýlap-seçip satyn alypdyrlar. Özlerindäki harytlary hem gowy ýerläpdirler-de, yzlaryna baka ýola düşüpdirler. Kän ýöräp, az ýöräp, bularyň kerweni ýene ilki düşlän ýerleriniň üstünden gelipdir. Täjiriň ogullary kakalarynyň hatyrasyna ýene-de onuň öýüne sowlupdyrlar. Ol adam oglanlaryň sag-aman yzlaryna dolanandyklaryny görüp, begenipdir. Oglanlara öňki gezekdäkisindenem gowy hezzet edipdir. Oglanlaryň hem hälki boluşlary ýatlaryndan çykypdyr. Olar ýene öňküleri ýaly iýen-içenleri barada aýdyşypdyrlar, ýöne olaryň öňküsinden şähti açylypdyr. Birinjisi: «Bular ýaly Hydyr gören meýdanda gezýän dowaryň eti derman bolýar, janym hezil edinäýdi»; ikinjisi: «Görüň-ä, bu meýdanyň özi tenekar, agaran dagy janyňa ýag bolup ornaýar!»; üçünjisi: «Bularyň içýän suwy nähilikä, çaý içenimden soň, hezil edindim, nepesimi durlaýdy» diýýärmişin.

     Olaryň gelýändiklerini ilkinji gören obadaşy kakasyna buşlapdyr. Kakasy ogullaryndan hoşal bolupdyr. Onuň ogullarynyň öz kesbini dowam etdirip biljekdiklerine gözi ýetipdir. Göwni hoş bolup, obadaşlaryny üýşürip, toý tutupdyr. Onuň öň hem elaçykdygyna belet bolandyklary üçin, adamlar döwletiniň öňküsindenem artmagyny çyn ýürekden arzuw edipdirler. Sahawatly söwdagär «Gözüňiz aýdyň!» diýip gelen märeke sowlanyndan soň, ogullary bilen oturyp ine-gana gürrüňleşipdir. Öz dosty barada sorapdyr. Oglanlar ähli zady bolşy-bolşy ýaly, oňa gürrüň beripdirler. Ilki baranlarynda iýen-içen zatlarynyň özlerine ýaramandygyny, ýolda özlerini biraz alada hem goýandygyny aýdypdyrlar. «Gidişin iýen-içenimiz edil zäk atylan ýaly, soň uwlundyryp goýaýdy. Gelşinimiz bolsa, olar ýaly erbet täsirini duýmadyk. Gaýtam, janymyz gönenäýdi» diýşipdirler. Köpügören söwdagär mylaýym ýylgyrypdyr-da:

     – Meniň ýüňi ýeten gerçeklerim, daýanjymsyňyz, ganatymsyňyz, ogullarym! – diýip, olara munuň hikmetini düşündirmäge başlapdyr.

– Siziň şol bir öýden tagam iýip, dürli hala düşmegiňiz, asla näme iýip-içýäniňizden däldir. Meniň dostum hemişe-de adamlara açyk göwünlilik bilen hezzet edýär. Onuň bolsa, size ýaramazlygy mümkin däl. Onuň başga bir sebäbi bar. Watanyňdan bir ädim uzaga gitdigiň, bir dert başlanýar. Oňa dünýäni gören bilimdar kişiler, rawylar we jahankeşdeler «hijran hassalygy» diýýändirler. Watandan aýra düşen adamyň şol pursatlarda jany bikarar bolup başlar. Ol iýen-içeniniň mazasyny bilmez. Siz muňa düşünmän, şol dostumyň öýünden iýen tagamyňyzdandyr öýdüpsiňiz. Wagtynda düşüneniňiz hem gowy, ýogsam, meniň dostum örän sahawatly kişi, adamlary begendirmekden onuň göwni hoşal bolýar. Hiç haçan açyk göwün bilen edilen hezzete dil ýetirmeli däldir. Watanyň gadyr-gymmaty biziň janymyzda, süýegimizde ýaşaýar. Şonuň üçinem Watandan alysa bir ädim ätdigiň, endamyň syzlap, ýüregiň yza berer. Niçikmi, öz ýurduňa gelersiňem welin, bu dert ýom-ýokdur.

     Söwdagäriň ogullary soň uzak ýyllap onuň kesbini dowam etdiripdirler. Uzak-uzak ýurtlarda olar dostlaşypdyrlar, Watanymyzy döwletli, sahawatly  we tebigaty baý, gurply il hökmünde tanadypdyrlar. «Watanymyzdan uly baýlygymyz bolmaz» diýip, olar öz ýurtlarynyň abraýyny gorap, köp ýyllar kerwenli ýollary aşypdyrlar. Sebäbi olaryň getirýän harytlary adamlar üçin örän gerekli bolupdyr. Öz yhlaslary bilen daş ýerlerde gadymy Wasyň adamyň janyna tenekar bolýan harytlara baý mekandygyny olar ulus-ile mälim edipdirler».

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1655 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ