...Allanyň ylym, gudrat, erada sypatlary bilen baglanyşykly bolan kadar (gadar) – Allanyň her bir zady, wakany ozaldan meýilleşdirip, takdyr edip ýazmagy, zamany we wagty gelende-de ony ýaratmagy diýmekdir. Allanyň ýanynda her bir zadyň ölçegi – mukdary bar. Ol her bir zady belli ölçeg – kadar bilen inderýändir. Ol her bir zady bir meýilnama – kadara görä ýaradýandyr. Adamlar islänini iman, islänini hem inkär edip bilýär, bular adamyň öz erk-ygtyýaryna goýlandyr. Ýöne edýän ýagşy amallary özleriniň bähbidine, ýaman amallary bolsa özleriniň zyýanynadyr. Amallaryna görä hem jennete ýa-da jähenneme girerler. Alla bendelerine asla zulum edýän däldir diýlip, mukaddes kitapda düşündirilýär.
Gurhanda we hadyslarda «resul», «mürsel», «nebi» diýilýän pygamberler, Alla bilen bendäniň arasynda hem habarçy, hem bir ilçi bolup, imanyň durmuşa geçirilmegini ýola goýýarlar, diniň aýratyn şahsyň we jemgyýetiň durmuşyndaky ölçeglerini hem çäklerini kesgitleýärler. Hezreti Adam ata bilen hezreti Isadan beýleki pygamberler eneatadan dünýä inip, ynsana mahsus häsiýetlere eýe bolupdyrlar, dünýä işleri bilen meşgullanyp, beýleki adamlar ýaly hem dünýäden ötüp gidipdirler.
Pygamberleriň wezipeleri iň soňky pygamberiň mysalynda şeýle beýan edilýär: «Eý, pygamber! Biz seni şaýat, buşlukçy hem habardar ediji, Allanyň ygtyýar bermegi bilen Onuň ýoluna çagyryjy we nur saçýan çyra hökmünde iberdik». Alla tarapyndan pygamber edilip iberilendiklerini adamlara subut etmek üçin, Allatagala pygamberlere mugjyzalar (adatdan daşary ukyp-başarnyklar, gudrat) beripdir. Pygamberler sadyk, dürs, pygamberlik wezipelerinde ýalňyşmakdan, şahsy durmuşlarynda-da şahsyýetlerine şek ýetirjek hereketlerden goragly, Ýaradana hormat goýýan, ýaradylanlara mähriban adamlardyr. Alladan wahyý alýandyklary jähetinden beýleki adamlardan tapawutlanmak bilen birlikde, Alla bermese, gudrat (mugjyza) görkezip bilmeýärler, Alla bildirmese, gaýyby (akylyň hem duýgularyň üsti bilen bilip bolmaýan zatlary) bilmeýärler...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNDAN