ARKASYNDA ADAM BOLANYŇ...

Pirlik ýolunda uly keramata ulaşan Sarahs babanyň birnäçe şägirdi bar eken. Şolaryň arasynda iki sanysy ylym-bilim, düşbülik babatda beýlekilerden has-da tapawutlanypdyr. Bir gün pir şägirtleriniň öwrenen zadyna amal edişlerini we ynamlaryny synamak maksady bilen, ýaňky ikisini uzak ýola sapar-syýahata ugradypdyr. Ençeme aýdan soň şägirtler sag-salamat öz illerine – piriň huzuryna dolanyp gelipdirler. Olaryň biri öňküsinden-de ýigdelen ýaly juda gujurly we dogumly, beýlekisi bolsa nämedir bir zada akyl ýetirip bilmeýän ýaly ünjüli eken. Pir şägirtleriniň habaryny sorapdyr. Munça wagtyň dowamynda gören-eşidenleri, başdan geçirenleri, öwrenen we özleşdiren zatlary hakda öz dillerinden eşitmek isläpdir, ýogsa bu zatlaryň ählisi pire owaldanam aýan eken. Birinji şägirt ähli zadyň şowly bolandygyny, dünýäniň pynhanlyklaryna we gözelliklerine nazar salyp, her zatdan ybrat alandygyny, örän köp zat öwrenendigini, iň esasy zat hem ähli işleriň duýdansyz ýüze çykýan bir sebäp bilen öz-özünden ugrugyp gidendigini gürrüň beripdir. Beýleki ýigit bu hörpden gopmandyr. Adaty adamlar ýaly kynçylyklara gabat gelendigini, gaýta her gezek «Arkamda pir atam bar» diýip, işe başlan pursady, oslanmaýan bir sebäp bilen işiniň paşman galandygyny aýdypdyr. Pir bularyň söhbedini diňländen soň: «Bu hut şeýle-de bolmaly» diýip, öz netijesini, pikirini ýaňzydypdyr. Şägirtleriň ikisi hem geňirgenmek bilen ussadynyň ýüzüne bakypdyr. «Arkamda adam bar diýýäniň, garşysynda hem bir adam peýda bolar, emma arkamda Alla bar diýýäniň öňüni hiç kim bökdäp bilmez. Siziň biriňiz haka töwekgellik edipsiňiz, beýlekiňiz adama. Netijesi hem hökman bolaýmaly zat bilen jemlenipdir, bu ýerde başga syr ýok» diýip, Sarahs baba düşündiripdir. Bu hikmet şägirtlere ýene bir durmuş sapagy bolupdyr.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1655 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ