...Pyragynyň eserleri älemiň ýaradylyş kyssalary, taryhy rowaýatlar, täsirli hekaýatlar, pähim-paýhasly pikirler arkaly jümle-jahanyň hakykatyny, görünýän we görünmeýän barlyklary hem aýnada gören ýaly aýan edýär. Şol setirlerde pygamberlerem bar, pirlerem bar, taryhy şahsyýetlerem bar. Magtymgulynyň şygryýet dünýäsinde ylmyň ähli ugurlaryndan söz açylýar, adamzadyň ömür menzilleri yzygiderli teswirlenilýär. Perzendiň emele gelmeginden dünýä inýänçä, emedekläp ugrandan ýigit çykýança, ýaşlyk we ýaşululyk, gartaňlyk we garrylyk, mahlasy, ömür menzilleri baradaky pikir-düşünjeleri ençeme goşgularynyň esasyny düzýär. Ussat şahyr käte bir setirde bir kyssanyň many-maňzyny berýär, käte bolsa tutuş bir goşgusynda uly bir wakany ählitaraplaýyn teswirleýär.
Ylym-bilime aýratyn uly sarpa goýan halkymyz Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny hökman öwrenilmeli we öwredilmeli kitaplaryň biri hökmünde görüpdir. Şu wagta çenli Magtymguly Pyragy hakda juda köp zatlar aýdylan hem bolsa, ol hakda indi aýdylmaly zatlaryň welin has köpdügini ykrar etmelidiris.
Ynsan görýän zadyna göz ýetirýär. Göz ýetirerden giň ýa-da çuň zatlara akyl arkaly aralaşýar – akyl ýetirýär. Eger akyla hem sygmaýan bolsa, hyýal güýjüni peýdalanyp, aň ýetirmäge çalyşýar. Magtymguly Pyragy hakynda söz açylanda duýgy-düşünje, bilim-başarnyk, ukyp-zehin güýçleriniň ählisini netijeli peýdalanmak gerek. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynda adamzadyň öňündäki iň wajyp meseleleriň – «Kim bolmaly? Nähili bolmaly?» diýen sowallaryň jogaby bar.
Ynsan hemişe süýji sözüň, ýagşy sözüň, paýhasly sözüň teşnesi. Ynsan hemişe ýürekdeşini, göwündeşini, pikirdeşini gözleýär. Şeýle pursatlarda okan, öwrenen, eşiden täsin maglumatlaryny, günübirin bolup duran we özünde täsir galdyran gyzykly wakalaryny, köňülde düýp tutan paýhas-pikirlerini, göwünde gämiklän oý-hyýallaryny özüne iň ýakyn görýäni, dosty bilen paýlaşasy gelýär. Şundan ugur alyp, ýyllaryň dowamynda, şeýle hem şu ýylda Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi bilen baglanyşykly toplan maglumatlarymy, ýandepderçäme eden belliklerimi, atam Mälikguly Berdimuhamedowyň, kakam Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldar şahyryň sözlerine beren manyly düşündirişlerini, şeýle hem özümde dörän pikir-garaýyşlarymy eziz halkymyz bilen paýlaşmagy makul bildim. Çünki meniň iň ýakynym Watanymdyr, halkymdyr...