GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

YNSAPLYLYK

«Ölüm ýassygyna başy ýeten bir baýyň üç sany ýetişen ogly bar eken. Emma olardan: «Ata, halyň niçik?» diýip, habar tutany bolmandyr. Näderini bilmedik baý obanyň akyldarynyň ýanyna gelmegini sargapdyr. Ondan maslahat sorapdyr. Akyldar hem oňa näme etmelidigini salgy beripdir. Baý akyldaryň öwredenine eýerip, ilki ogullarynyň ulusyny, soňra ortanjysyny, iň soňundanam kiçisini – her birini aýry-aýrylykda ýanyna çagyrypdyr-da:

– Pylan ýerde bir hum gyzyl gömüp goýandyryn. Ony ýeke saňa aýdýaryn. Men ölenimden soň, doganlaryňa bildirmän, ýeke özüň alarsyň-da, tütjar baý bolarsyň – diýipdir. Şundan soň, doganlar baýa biri-birinden gowy hyzmat edip ugrapdyrlar. Ahyry bir gün baý aradan çykypdyr. Doganlaryň iki ulusy ony jaýlamak bilen başagaý bolup ýörkä, olaryň körpesi barypdyr-da, baýyň gömüp goýan humuny tapyp alypdyr. Hiç kime görkezmän getirip, elin bir ýerde gizläp goýupdyr. Soňam syr bildirmän gelip, doganlaryna kömekleşen boluberipdir. Şeýdip, bular atasyny jaýlap, onuň aşyny-suwuny beripdirler. Şondan soň, olaryň ulusy humuň gömlen ýerine barypdyr. Görse, hum-da ýok, zat-da. Onsoň ortanjysy şol ýere gidipdir. Bu hem iki elini burnuna sokup, gaýdyp gelipdir. Hilegärlik edip, syr bildirmezlik üçin, kiçi doganam ol ýeri dörüşdiren bolupdyr. Onuň zat tapman  geljeg-ä, näme özüňize belli. Şeýdip, bular deň dawagär bolýar duruberýärler. Biri-birine: «Humy sen alansyň-da, sen alansyň. Sen tap-da, sen tap!» bolşup, tutýarlar bir tükezzybana. Ahyry näme ederlerini bilmän: «Pylan ýurduň bir gyz patyşasy barmyş. Ol islendik dawany örän adyllyk bilen çözýärmiş. Ýörüň, şoňa gideliň-de, dawamyzy düşündireliň!» diýşip, gyz patyşanyň mekanyna gaýdýarlar. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyry onuň ýurduna ýetýärler. Ejaza-rugsat sorap, onuň arz jaýyna baryp, öz ýagdaýlaryndan habardar edýärler. Gyz patyşa bularyň dawasyny diňleýär-de:

– Munyňyz çylşyrymly dawa däl-le. Ony, ynha, derrew açarys. Ýöne ondan öňürti siz maňa başga bir meseläniň çözgüdini tapmaga kömek ediň – diýip, gürrüňini dowam edenmiş:

– Biler bolsaňyz, men ýaňy göze görnen gyz mahalym kakam uly patyşady. Menem şa gyzy, özüňize belli, ähli erk-ygtyýar özümdemikä öýderdim. Şoň üçinem weziriň ogly bilen halaşyp, onuň bilen toý tutmagy wadalaşyp ýördüm. Enem-atam meni durmuşa çykarmakçy boldular. Menem: «Meniň üçin azara galyp ýörmäň, öz seçip-saýlanym bar» diýip, enem-atama ýagdaýymy düşündirdim. Kakam bu sözümi eşidip, ör-gökden geldi:

– Ýo-o-ok, gyzym, o diýýäniň bolmaz. Sen şa gyzy, şazada hem durmuşa çykarsyň – diýip, dyzady durdy. Şo barmana-da kakam bilen gowy görüşýän başga bir patyşa ogly üçin maňa sawçylyga geldi. Kakamyň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy, ur-tut guda boldy, sähedime çenli bellediler. Şo günem gelip, gelnalyjylar meni ol ýurda aldylar ötägitdiler. Toý-tomaşa tutuldy. Bize-de nika gyýyldy. Galdyk şazada bilen ikiçäk. Şol wagt öz halaşan ýigidim ýadyma düşüp, men uludan demimi aldym. Bu ýagdaýy gören şazada:

– Ýeri, gyz, näme beýle uludan demiňizi alýarsyňyz?– diýip, sorady. Menem dogrymdan gelmegi makul bildim. Öz söýýän ýigidime gowşup bilmänime gynanyp, şeýle edýändigimi aç-açan aýtdym. Şa ogly hem edep-tertipli, akylly-başly ýigit bolup çykdy:

– Beýle bolsa, menden saňa zowal ýok. Men kişiň söýgülisi bilen döwran sürüp, bagtly bolup bilmerin. Bar, Alla ýaryň, ýoluň açyk bolsun – diýdi-de, garaňky gijäniň içinde, hiç kime duýdurman, meni ýola saldy goýberiberdi. Menem, öz söýgülisine gowuşjak gyz, gorky-ürkinem ýada salman, haýdap gelýärdim welin, iki

patyşalygyň ortasyndaky çöllügi kesip gelýärkäm:

«Dur-da, dur!» bolşup, bir topar alamançy daşymy gabaýdy. Olaryň baştutany ekezlenip, has golaýyma geldi- de, gijäniň bimahal çagy ýeke özümiň bu ýerlerde näme iş edip ýörenimi sorady. Menem özümiň şa gyzydygymy, soňraky wakalary birin-birin aýdyp berdim. Meniň ýagdaýymy eşidip, ol ýoldaşlaryna garap:

– Muňa hiç hili azar bermäliň. Şazada şeýle ynsaplylyk edip, gyzy öz halaýan ýigidiniň hatyrasyna ýola salyp goýberen bolsa, bizem biynsaplyk etmäliň. Goý, öz söýgülisine gowuşsyn! – diýdi. Şeýdip, men bulardan hem aman-sag gutuldym. Gijäniň bir mahaly gelip, söýýän ýigidimiň gapysyny kakdym. Ol daş çyksa, ynha, men durun. Ol aňk-taňk bolup:

– Hany, seni durmuşa çykarmadylarmy näme?– diýip sorady. Men hem bolan zatlary muňa-da birin-birin gürrüň berdim-de: – Indem, ynha, seňki bolmaga geldim

– diýdim. Ol birsalym oýlanyp durdy-da:

– Aý, ýok, men seni alyp biljek däl. Sebäp diýseň, patyşanyň ogly maňa hormat edip, senden geçipdir, alamançylar hem şeýdipdir. Ýeri, onsoň men şolarça ýokmuşymmy? Men seniň nikalaşan ýigidiň hatyrasyna öz söýgimi pida etmesem, namartladygym bolar, bar, gidiber, ýoluň ak bolsun! – diýdi. Men halaşýan ýigidimden bu sözleri eşidip, galdym bir azara. Näme edip, näme goýjagymy-da bilmän, aljyradym. Aljyramaz ýalam däl, haýal-ýagallyk etsem, ýalançy ýagtylyp barýar. Il örmänkä, meseläni çöp döwen ýaly etmesem, gep ýassygy boljagym görnüp dur. Ana, onsoň daň atmanka, toýum edilen ýere ýeteýin, görýän welin, meniň bagtym şo şazada bagly bolara çemeli diýdim-de, ýene yzyma dolandym. Görsem, hälki alamançylar şindizem gitmän ekenler. «Haý, bu gezeg-ä sypdyrmazlar-ow» diýen gorky bilen olaryň ýanyna golaýlaşdym. Dogrudan hem, olar biri-birine igenişip: «Öz aýagy bilen gelen şeýle maşgalany elimizden giderdik. Indi-hä beýtmeris» diýşip, heşelle kakyşyp ugradylar. Ýöne olaryň baştutany: «Hany, sesiňizi kesiň!» diýip, nökerlerine haýbat atdy-da, ýene menden indi näme üçin yzyma gaýdandygymy sorady. Menem bolşy ýaly aýtdym. Bularam ýene ynsaplylyk edip, degmediler. Aý, garaz, şeýdip, howa ýagtylmanka, hälki toýum edilen ýere ýene-de geldim. Bardym şazadanyň ýanyna. Bolup geçen işlerem birme-bir aýdyp berdim. Ol hem ünsli diňledi-de:

– Indi-hä men saňa asylam öýlenip bilmen. Söýginiň hormatyna alamançylar hem rehim eden bolsa, men indi şol gezip ýören bikärlerçe-de ýokmuşymmy?!Men beýle biynsap däldirin. Bar, öz söýgüliňe gowuş! – diýip, ýene yzyma gaýtaryp goýberdi. Söýgüli ýigidimiň bolsa, näme diýeni size aýan. Gaýtadan baranymyň peýda bermejegem görnüp dur. Menem başga alaç tapman, atam öýüme gaýdyberdim.

Gelenimden soň, atam-eneme ýagdaýymy aýtdym. Kakam bu işde özüni köp derejede günäkär hasaplap, patyşalygyny maňa bagyş etdi. Şondan bärem men gyz halyma, ýurdumyza şalyk edip ýörün. Hawa, indi aýdyň, göreýin: meň bilen toýy tutulan şazada ynsaplymy, ýolda ýolugan alamançylar? Ýa bolmasa-da meniň bilen halaşan ýigit? Şularyň haýsysy has mamla?!  Patyşa gyzyň gürrüňini diňlän üç dogan pikire çümüpdir. Ahyry olaryň ulusy:

– Elbetde, seniň bilen toýy tutulan şazada ynsaply. Ol gyzyň ozal kim bilen halaşanyna ünsem bermeli däl. Sebäp diýseň, nika gyýlansoň, sen şoňky bolýaň ahyry. Diýmek, ol söýginiň hatyrasyna, öz nikasyny pida beripdir. Şoňa görä-de juda ynsaply bolýar – diýipdir. Agasy sözüni soňlaryna mähetdel gürrüňi ortanjy dogan alyp göteripdir:

– Diýseň-diýmeseňem, men-ä gyzyň başdan söýşüp ýören ýigidini ägirt görýän. Heý, görüň-ä, ömürboýy arzuwlap ýören gyzy aýagy bilenjik üstüne gelýärem welin, beýlekileriň özüne goýan hormatynyň haky üçin, söýgüsini pida berýär oturyberýär. Aý, ýok, – ynsaplylyk mundan ýokary bolmaz. Nobat doganlaryň iň kiçisine ýetýär:

– Aý, ýok, agalar, beýle däl. Işi-pişesi ýol urup, ili çürkäp ýörmek bolan alamançylardan – galtamanlardan ynsaplylyk eden ýok bu taýda. Heý, şolaryň zada nebsi agyrar diýip, kim aýdar. Ýöne hak söýgi bulary-da amana getiripdir. Ýeri, onsoň, heý, ynsap diýeniň şondan öňe geçermi, hany aýdyň-da?! – diýýär welin, gürrüňe gyz patyşa goşulýar-da: – Aýtsak, ýagşy ýigit, ataňyzdan galan humy hem sen çykar. Alamançylaryň ynsaplylygyna akly ýeten ogrynyň öz biynsaplygyndan el çekmäge gaýraty çatmalydyr – diýip, kesgitli aýdypdyr.

Doganlaryň iň kiçisi:

– Siziň pähimiňize hem adalatlylygyňyza haýran galaýmaly. Ýörüň, agalar, humy görkezeýin – diýip, gyzyň öňünde tagzym edip, ondan rugsat alyp, agalary bilen ýola düşüpdir».

 Görnüşi ýaly, her kim özüne laýyk jogaby berendir. Oglanlaryň nähilidigini akylly gyzyň seljerişini gördüňizmi?!

Ynha, saňa hakyky adalatlylyk. Durmuşda kimiň ynsaplydygyny juda pähimdar adam bolaýmasaň, saýgarmak kyn, çünki ynsaplylyk hem adamyň içindäki gymmatlygy. Ony har edýän hem nebisdir hem-de bisabyrlykdyr. Magtymguly akyldaryň şygyrlarynda ündelişi ýaly, nebis – adamy azdyrýan ýaramaz güýç, bisabyrlyk bolsa, ynamyňy ýitirmekdir. Ynamsyz ýaşaýyş bolmaýar.

Akyldaryň nebis, sabyrlylyk hakyndaky pentleri halkymyzyň durmuş ýörelgesini emele getirýär. «Nebsi öňüne geçen» diýilmegi adamyň ynsabynyň kör bolandygyny aňladýar. Şahyr öz şygrynda: «Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme» diýýär. Şeýtan halklaryň ynamynda adamlary azdyryjy güýç hasap edilýär.

Adamyň nebsine gezek gelende ejiz bolmagy onuň Ynsabyny ejizledýär, onuň adamkärçilik mertebesini peseldýär. Gündogar halklarynda giňden ýaýran aşakdaky tymsalda nebis şeýle beýan edilýär: «Dyrnak:

– Öz erkime goýsalar, her hili ýyrtyjydan ozup giderdim – diýdi.

Ony gyrkyp zyňdylar».

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1632 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

20 Ýanwar 2025 | 537 okalan

TIKEN WE MÄHIR