ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNDAN

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiliginiň jana-jan muşdagy. Kakamyň Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly setirlerine, sözlerine berýän düşündirişleri, şol sözleriň şu günümize täsiri, geljegimize ähmiýeti, Magtymgulynyň sözleri bilen nesilleri terbiýelemek baradaky söhbetleri, berýän maslahatlary, dogrusy, aýratyn bir pedagogik gollanma, düýpli bir eser.

Täze taryhy döwürde alym Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, onuň pähim-paýhaslaryny äleme ýaýmakda, golýazma nusgalaryny daşary ýurtlardan toplap, dünýä dillerine terjime etmekde döreden giň mümkinçilikleri esasynda, beýik söz ussadynyň edebi mirasy barada birnäçe düýpli ylmy barlaglar geçirildi, ylmy-ensiklopedik kitaplar neşir edildi. Bu biziň ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserlerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini, halkymyzyň beýik şahyryň şahsyýetine hormat-sylagynyň uludygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Gahryman Arkadagymyzyň edebi-çeper, ylmy-jemgyýetçilik kitaplarynda hem Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine we eserlerine belent sarpa goýulýar. Dörediji Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda Magtymgulynyň eserleri baradaky pikir-garaýyşlary, «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda bolsa Magtymgulynyň şygyrlarynyň türkmen halkynyň toýly we ýowly gününde hemişe ruhy goldawçysy bolandygy täsirli wakalaryň, durmuşda ýaşap geçen şahsyýetleriň üsti bilen beýan edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Magtymgulynyň türkmen edebiýatyny baýlaşdyrmakda, kämilleşdirmekde çeperçilik hyzmatynyň beýikligine, şahyryň adalatly jemgyýet, kämil şahsyýet hakyndaky gözlegleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda her taraplaýyn öwrenilýändigine beren mynasyp bahasy aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Şol taglymat agzybirlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk, adalatlylyk, arassa ahlaklylyk, päklik, halallyk, myhmansöýerlik, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeleri çeper edebiýatyň baş maksadyna öwren Magtymgulynyň öňe süren pikirleriniň türkmen jemgyýetinde ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Alym Arkadagymyzyň kitaplarynyň her birinde pähim-parasatly sözleri bilen ynsan kalbynda müdimilik orun alan Magtymgulynyň dana keşbi aýdyň şöhlelendirilýär.

Alym Arkadagymyz Gündogaryň nusgawy we türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä ýüzünde giňden tanalmagynda ägirt uly işleri bitirdi. Özüniň Magtymguly baradaky ylmy-edebi işleri bilen magtymgulyşynaslyk ylmynyň ösmegine uly goşant goşdy, onuň dünýä ýüzünde öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döretdi.

Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmekde, onuň pähim-parasata pürepür sözleriniň manysyny tirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleriniň örän uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragy hakda aýdan sözleri bize täze-täze pikirleri berýär. Täze pikirler bolsa täzeçe çemeleşmeleri ýadymyza salýar. Şeýdibem Magtymguly Pyraga düşünmek, ussadyň ägirtligine akyl ýetirmek üçin täze we üýtgeşik ýollary tapyp bolýar. Milli Liderimiziň çuňňur manyly pikirleri Magtymguly Pyragyny ylmy esasda öwrenmekde we öwretmekde, onuň öwütlerine amal etmekde mekdep bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleri bize Magtymgulynyň dünýäsine çuňňur düşünmäge ýol görkezýär. Milli Liderimiz akyldar Magtymgulynyň döwletlilik hakdaky iň beýik arzuwlaryny, belent maksatlaryny hasyl eden Gahrymandyr. Magtymgula düşünmekde we ony düşündirmekde durmuş, döredijilik, döwlet dolandyryş mekdebini geçen halypalarymyzyň aýdan her sözi altyn guýmasy ýaly gymmatlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleriniň ählisinde-de Magtymgulynyň ruhy duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bolsa bize Magtymguly Pyragynyň dünýäsine köptaraplaýyn hem-de çuňňur düşünmäge ruhy itergi berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürlerinden bina eden köňül heýkeli – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry şygryýetiň simfoniýasy ýaly ýaňlanýar. Goşgudaky täze garaýyşlar, pikir ýöretmeleriň täzeçe usullary, sözleri ussatlyk bilen ulanmak bu şygryň örän manyly hem-de maňyzly, akgynly hem-de labyzly bolmagyny üpjün edipdir.

Şygryň ilkinji sözleri, ilkinji setirleri, täzeçe beýan edilmeler, turuwbaşdan okyjyny, diňleýjini özüne kökerip başlaýar:

Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary –

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Barlyk gudratdyr. Bir bendiň içine bütin barlygy ýerleşdirip bilmek bolsa sungatdyr. Milli Liderimiziň «Mizemez binalar» söz düzüminde tebigatyň ýel-ýagmyryna per bermän, sarsman, mizemän duran binalary, heýkelleri hem göz öňünde tutup bolar, emma tebigy hadysalaryň hiç hili täsir edip bilmeýän, gaýta, hadysalaryň täsirini paýhas arkaly ylham güýjüne öwürýän başga bir bina bar. Paýhasdan bina bolan şol mizemez gala, şol gudratly güýç aň-düşünje, hakyda binalarydyr, köňülde dikilen heýkellerdir. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň asman deýin ýaýbaň, umman deýin çuňňur ylmy dünýäsini, şahyryň gözýetmez edebi giňişligini, aňýetmez syrlaryny mizemezligiň, berkligiň, berkararlygyň ähdi-peýmanyna, ygtybaryna meňzedýär.

Gahryman Arkadagymyzyň manyly sözlerinde, bagtyýarlyk bilen sagdynlygyň arasyndaky berk baglanyşyk häli-şindi ýatlanylýar. Dogrudanam, ähli babatda bagtyýar bolmak üçin saglyk, sagdynlyk gerek. Bu beden sagdynlygy bilen deň derejede, hatda şondan hem öňde goýulýan ýene bir sagdynlyk hakynda – düşünje sagdynlygy hakdaky sözlerdir. Bagtyýarlygyň gözbaşy sagdyn düşünjelerdir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bolsa, ilkinji nobatda, ynsany sagdyn düşünjeli bolmaga çagyrýar. Ata-ene, Watan, halk, döwlet, il-ulus, uly-kiçi, tebigat we onuň bilen sazlaşykly ýaşaýyş, maşgala, perzent-nesil terbiýesi, maksada okgunlylyk, ýagşy gylyk-häsiýetler, mahlasy, ynsany bezeýän hem-de ruhy-ahlak taýdan beýgeldýän häsiýetlerdir düşünjeleri ündeýär. Olar durnukly, mizemez häsiýetlerimize öwrülip, bizi bagtyýarlygyň dogry ýoluna gönükdirýär. Şonuň üçinem şygryň birinji bendinde Alym Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragy hakdaky paýhasly jümleleriniň bir özi akyldar şahyryň edebi dünýäsine köptaraplaýyn, çuňňur we täzeçe düşünmäge, täze düşünjeler bilen çemeleşmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap, Magtymgulyny gaýtadan okaýarsyň, düýbünden täzeçe täsirler bilen gurşalýarsyň. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň hut şol goşgusy hem bizi Magtymgulynyň edebi dünýäsine doly düşünmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry edebiýat bossanynda we köňüllerde dikilen ägirt uly heýkeldir.

Bize Magtymguly Pyragynyň döredijiligine has çuňňur düşünmäge kömek edýän ýene bir eser Gahryman Arkadagymyzyň:

Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna –

diýip beýan edýän mekanydyr, ýagny Magtymguly Pyragynyň bina edilen belent ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumydyr. Bu toplum Gahryman Arkadagymyzyň ýene bir ajaýyp eseridir. Biziň ýokarda belläp geçen aýratynlyklarymyzyň ählisi bu ýerde şekile salnyp, sungata siňdirilendir.

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1632 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

20 Ýanwar 2025 | 537 okalan

TIKEN WE MÄHIR