Tebigata söýgi Oguz hanyň Güne, Aýa, daga, deňze, göge, ýyldyza söýgüsinden – Älem bitewüligi barasyndaky tymsalyndan başlanýar. Adamlaryň Güne, suwa salam bermek ýaly gadymdan galan adatlary hem şunuň durmuşdaky anyk mysalydyr. Salamlaşmak ähli halklarda hem birek-birege gowy arzuwlary aýtmagy aňladýar.
Täze dogan Aý ýüze sylynýar, aslynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak parz hasap edilýär.
Ýüze sylynýan şol durmuş pursatlaryny beýan edeýin:
– Täze dogan Gün.
– Täze dogan Aý.
– Täze dünýä inen çaga.
– Täze edinilen gelin.
– Halal gazanylan gazanç, serpaý.
– Tamdyrdan çykan çörek.
– Toýda berlen ýaglyk, paý.
Keramatly kitaplar ilki ýüze sylynýandyr. Halkymyzyň Aýa-Güne garaýyşlary olaryň gadymy ynançlarynda ýaşaýar. Gün ýere ýaşaýyş berýän keramatly güýç derejesindedir.
«Taň – Gün – Tahýa», şu many zynjyry hyýalyma gelýär. «Daňdan» sözüniň iki gezek gaýtalanýan «Taň» sözüdigi barada edebiýatlarda hem maglumat berilýär. Şulara, mähriban okyjy, ünsüňizi çekmek bilen, Zeminiň abatlygyna gönügen düýpli tagallalaryň aslynda Älemiň gözelligi bilen Zeminiň bitewüligi bolan tebigaty goramak hakyndaky aladalaryň esasynyň jemlenendigini bellemekçi bolýaryn.
«Aý içiniň arslany, Gün içiniň göwheri» diýen jümleler size çagalykdan tanyşdyr. Bu rowaýaty oglan mahallarymyzda aýdyp beripdiler. Şuny eşiden oglanlar Aýyň içindäki tegmilleriň şekilinden arslanyň suduryny görmek üçin, esli salym asmana garap oturýarlar. Günüň içindäkini görjek bolup, asmana seredýärsiň, şöhleler bolsa gözüňi gamaşdyrýar.
Çagalykdaky şu pursatlar köpleriň göz öňüne geler. Aýdaky arslan her gün Ýere garap oturýar. Adamlaryň näme işleýändiklerini synlaýar. Eger-de adamlaryň birinden birisi bidüzgünçilik edäýdigi, ol gazap bilen ýere özüni oklajak. Gündäki göwher bolsa, ot bolup ýanýar.
Il içinde giňden ýaýran Hydyr ata baradaky rowaýatlaryň hem şonuň bilen bagly döredilen bolmagy mümkin. Hydyr ata ýaşyl lybasda-da adamlara duşýar diýilýär. Hydyr atanyň adynyň «ýaşyly» aňlatmagy, ýaşyl lybaslylygy düşünjesinde hem tebigatyň ebedi janlylygy, Hydyr atanyň ölmez-ýitmezligi baradaky hakykat bardyr. Hydyr atanyň çölde suwsuz galan adamlara, şeýle-de kynçylyga sezewar bolan pursatlarynda olara kömege ýetişýändigi baradaky hekaýatlar örän köp. Hydyr atany tanamagyň ýeke-täk ýoly, «onuň başam barmagynda süňk bolmaýar» diýen ynama esaslanýar. «Süňksüz gowy adam» diýilmegi-de, Hydyr ata ýaly diýildigi. Hydyr ata dilegiňi bitirýär. Hydyra duşan adamyň ýedi arkasy abadan durmuşda ýaşaýar diýen ynam hem bar. Şu ýerde ýene bir maglumata ünsüňizi çekmekçi bolýaryn. Adamyň eden günäsiniň-zyýanynyň onuň üç arkasyna täsir edýändigini-de akyldarlar belleýärler.
«Aýterek – Günterek» atly oýnuň hem Aý bilen Güne bolan gadymy oguz ynançlaryndan gözbaş alyp gaýdýandygy ikuçsyzdyr. Aý ýüzli – gözellik metaforasy, bu hem tötänleýin döremändir.
Halkymyzda ösümlikler, jandarlar barada hem dürli rowaýatlar döredilipdir. Şol rowaýatlar bolsa adamlaryň tebigata ýakynlygynyň anyk subutnamalarydyr.