Golaýda Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Balkanabat şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasynyň meýdançasyndaky baş arçanyň başynda ýaýbaňlandyrylan Täze ýyl baýramçylyk çäresi ýakymly täsirlere baý boldy.
Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly paýtagtymyzda geçirilýän dabara goşulyşyp, baýramçylyk şatlyklaryny, ýürek arzuwlaryny paýlaşdylar.
Dabarada welaýatymyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ýaňlanan belent mukamlar, joşgunly aýdymlar, milli öwüşginli tanslar hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyryp, ýüreklere ylham eçildi. Şol çykyşlarda bolsa Watanymyzyň okgunly ösüşi, eşretli döwrümiz, bagtyýar ýaşaýşymyz uly buýsanç bilen wasp edildi.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.