TÄZE ÝYL MYNASYBETLI BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

     Ýagşy arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Täze ýyl baýramy ynsanlara şatlyk hem bagtyýarlyk eçilýär. Tutuş ýylyň dowamynda çekilen zähmete, bitirilen işlere, gazanylan üstünliklere baha berlip, ömrüň täze menziline gadam goýulýan baýramçylygyň öňüsyrasynda töwerek-daşyň gözel keşbe girmegi, kalplardan syzylyp çykýan mähirli gutlaglar, ýagşy arzuwlar ýürekde ýakymly duýgulary oýarýar. Täze ýylyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berilýär.

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Şatlykdan-şowhundan dol sen Täze ýyl” ady bilen talyplaryň arasynda aýdym-sazly bäsleşik geçirildi.

     Bäsleşigiň dowamynda çykyş eden talyp ýaşlar ajaýyp ýurdumyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary, degişme sahnalaryny ýerine ýetirip, öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze 2025-nji ýylyň rysgal-bereketli, düşümli ýyllaryň biri bolmagyny arzuwlap, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan we röwşen ertirlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Umyt BAÝHANOW,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI