BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýatyň Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet baýdagymyzyň al-asmana göterilmegi hem-de Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen uly ruhubelentlige beslendi.

Çärede welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar hem-de çagalar tans toparlary täze ýylymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen çärä Balkan welaýat Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary hem ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli eýýamda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 4 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 4 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP

07 Iýul 2025 | 4 okalan

MAŞGALAM — BAŞ GALAM