Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Bereket etrabynyň tikin fabriginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň mazmunyna bagyşlanyp, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly eseri türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň, taryhy mirasynyň we ahlakly ýörelgeleriniň ýaş nesle ýetirilmeginde örän möhüm bir çeşme bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan edildiler.
Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Bereket etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.