MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gyzylarbat etrap Medeniýet öýünde ýurdumyzda täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli we hormatly Prezidentimiz ýiti zehininden dörän «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserini tanyşdyrmak maksady bilen etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwet galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle-de, çykyşlarda ajaýyp kitabyň baý many-mazmuny, hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigi barada giňden aýdylyp geçildi.

Dabaranyň ahyrynda berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Nury NURYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI