Golaýda ýurdumyzyň beýik başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de 2025-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ýylymyzyň şygary – ýollarymyzyň çyragy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hukuk ýagdaýy döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da giňeltmeklik üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigini, bu babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.