ÝYLLAR GELÝÄR BIR-BIRINDEN ZYÝADA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň hem-de Magtymguly etrap Medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet öýünde ýaşlaryň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada» atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligiň abraýly we jogapkärli agzasy hökmünde häzirki zaman halkara durmuşyna işjeň gatnaşýandygyny, şonuň bilen baglylykda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ynsanperwer çemeleşýändigi barada belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamy medeniýet we sungat ussatlarynyň Watanymyzy wasp edýän aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary duşuşyga özboluşly öwüşgin çaýdy.

Duşuşygyň ahyrynda bütin adamzadyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Bägül BOÝALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 50 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 37 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 38 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI