MAŞGALA AGZYBIRLIGI – DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym-bilim alyp, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin  taýsyz tagallalar edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini terbiýelemek, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak hem-de maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek maksady bilen, «Maşgala agzybirligi – döwletliligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylyk, mähremlik, arassaçylyk, utanç-haýalylyk, päkizelik, maşgala gymmatlylygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 50 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 37 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 38 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI