WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen, talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwet galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýändigini, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt uly ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda oňyn netijeleri berýändigini buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy abadan durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY