WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrap medeniýet merkeziniň tomaşaçylar jaýynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Kitap aýdar geçeni – kitap ertäň açary» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadygymyzyň ylhamyndan syzylyp çykan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň elimize gowuşmagynyň tutuş türkmen halkynyň buýsanjyny artdyrandygyny, şeýle-de bu ajaýyp eserde taryhymyzyň şöhratly sahypalary, türkmen halkynyň medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada beýan edilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, galamynyň ýiti bolmagyny, alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY