Durmuşyň barha ösüp-özgermegi bilen, adamzat jemgyýeti kämillige eýe bolup, ylym arkaly ösmek ugruny nazarlaýar. Ahal welaýatynyň «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda möhüm meselelere garalyp, il-ýurt bähbitli kararlardyr çözgütler kabul edildi. Bu çözgütler halkymyzyň, şol sanda ýaş nesliň şu gününiň we geljeginiň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu beýik tagallalaryň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza, eziz Watanymyza bolan mukaddes söýgüsi, yzygiderli ösüşleri esaslandyrýan döredijilikli başlangyçlary durýar. Halkymyzyň döwletiň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny kämilleşdirmäge, konstitusion gurluşyny, döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşan milli Liderine bolan beýik ynamyny Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy hem-de «Altyn Aý» medalynyň gowşurylmagy bilen dabaralandyrdy.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen çözgütleriň ýaşlaryň durmuşynda uly orny bardyr. Bu çözgütler ýaşlary ýurduň syýasy hereketine çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyzda raýat jemgyýetini ösdürmäge, syýasy we hukuk medeniýetiniň, şeýle-de raýatlyk medeniýetiň gurallaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler baş wezipeleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Halk Maslahatynyň ýerli edaralary has-da giň wekilçilikli bolmagy onda ýaşlaryň hem has köp wekiliniň gatnaşmagyny şertlendirer. Ýerli edaralara saýlawlaryň geçirilmegi aýratyn durmuş gymmatlygyna eýe bolýar, çünki saýlawlar raýatlaryň syýasy we ahlak tarapdan öz-özüni ykrar etdirmegiň alamatlarynyň biridir. Bu günki günde saýlawlar raýat jemgyýetini syýasy taýdan öz-özüni guramagyň usuly bolmak bilen bir wagtda, raýatlaryň we olaryň syýasy birleşikleriniň döwlet häkimiýetinde hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryşda ýuridik taýdan ykrar edilen subýekt bolmak mümkinçiligidir. Her bir saýlaw tapgyry bilen saýlawlara raýatlaryň täze nesilleri goşulýar. Bu hukuk medeniýetiniň nesillere geçirilmeginiň we ösdürilmeginiň möhüm bölegidir, çünki saýlaw meýdanlaryna barýan ýaşlar öz sesleri bilen ýurduň, sebitiň, öz welaýatynyň, şäheriniň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Halk maslahatyna saýlawlar arkaly wekilleri saýlamaga gatnaşmak raýat jogapkärçiligine, öz ýurduň geljegi bilen baglanyşykly saýlaw hukugyň durmuşa geçirilmegine şaýatlyk edýän çäredir.
Islendik ýurtda syýasy durmuşda ýaşlaryň ornunyň kesgitlenilmegi esasy wezipe bolup durýar. Ýaşlar jemgyýetiň möhüm güýji bolup durýar, olar adatça, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda hereket edýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda döwlet gurluşynyň we syýasy durmuşyň tejribesiniň häzirki zaman tejribesi ýaşlaryň onda ep-esli orun eýeleýändigine we şeýle görnüşde hem durmuş subýekti, hem syýasatyň hemişelik obýekti bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Köp ýurtlarda döwlet syýasaty meýilnamalaşdyrylýar we ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, ýaşlar bilim almakda, telekeçilik bilen meşgullanmakda, öz durmuş meselelerini çözmekde ep-esli ýeňillikden peýdalanýarlar. Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde ýaşlaryň syýasy durmuşa gatnaşýandyklaryna ýa-da gatnaşmaýandyklaryna möhüm syýasy mesele hökmünde seredilip, onuň çözgüdi bilen köp sanly institutlar meşgullanýarlar.
Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň köpüsinde syýasy düzümler hereket edýän demokratik kadalaryň çäklerinde, sebitleriň, ýerli dolandyryşyň we umuman, jemgyýet gurluşynyň derejesinde ýaşlaryň köp sanly bähbitlerini sazlaşdyrmakda netijeli ýoly gözlemek bilen meşgullanýarlar. Ýaşlar öz-özünden ösýän ulgam däldir, olaryň durmuşy hereket edýän durmuş-ykdysady we syýasy şertlere baglydyr. Şolara laýyklykda, ýaşlar geçmişi, şu güni we geljegi özünde jemleýär. Ýaşlaryň döwletiň geljegi üçin jogapkärçiligiň emele gelmeginiň şertleri şulardan ybaratdyr: ýaşlaryň jemgyýeti ösdürmeklige demokratik gatnaşmaklarynyň giňeldilmegi; durmuş-ykdysady deňligiň üpjün edilmegi; syýasy we ykdysady ulgamlarda ýaş raýatlaryň we çagalaryň hukuklarynyň giňeldilmeginiň we Kararlary kabul etmekligiň ähli derejesine olaryň wekilçilik etmegini üpjün etmek; maglumat üpjünçiligine goldaw bermek, dolandyryş meselelerinde, şeýle hem ykdysady we durmuş meseleleri boýunça karar kabul edilende ýokary açyklyk we hasabatlylyk.
Ýaşlar jemgyýetiň ähli ulgamlarynda hereket edýärler. Her bir ýaş raýatyň belli bir hukuklary bar, şonuň üçin jemgyýetçilik durmuşynyň islendik ulgamynda — durmuş, ruhy-medeni, ykdysady, syýasy ulgamynda adam hukuklary şöhlelenýär. Türkmen ýaşlarynyň hukuklaryny anyk kesgitlemek üçin Konstitusiýamyzda berkidilen raýatlaryň hukuklaryna garamak zerurdyr. Ýaşlara degişli syýasat jemgyýetiň we döwletiň derejesinde emele gelýär. Döwletde bitewi ýaşlar syýasatyny alyp barmak üçin örän uly serişdeler bardyr. Häzirki döwürde ýaşlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmegi, onuň ösüşini we jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy, raýat, durmuş, medeni ulgamlaryndaky gyzyklanmalaryny öwrenmek örän derwaýys häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetde ýaşlaryň ýagdaýy köp derejede alnyp barylýan döwlet syýasatyna, onuň durmuş ygrarlylygyna we ilki bilen jemgyýetiň durmuş-ykdysady meselelerini çözmekde netijeliligine bagly bolup durýar.
Döwletimizde anyk ýaşlar syýasaty işlenilip düzüldi, ýaşlara gönükdirilen ençeme meýilnamalar, maksatnamalar hereket edýär. Olar ýaşlaryň durmuşyň ähli ugurlarynda işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýaşlar üçin hünär taýýarlygy, ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ykdysady, durmuş, hukuk şertlerini döretmäge, şeýle-de ýaşlaryň okuwda, işde, ylymda, jemgyýetçilik we döwlet işinde öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Täze Prezident Maksatnamasynyň içinden ýaşlar üçin şol şertleriň ählisi eriş-argaç bolup geçýär. Maslahatda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge, goşmaça iş ýerlerini döretmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen çözgütler uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Ykdysady we durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegi bilime, nesilleriň goragyna, saglyk ulgamyna, ýaşlar üçin anyk mümkinçilikleriň döredilmegine ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmekligi şertlendirýär. Geljek 7 ýylyň ösüş Maksatnamasy ýurduň tebigy we çig mal baýlyklaryny, ösýän ykdysadyýetini we senagatyny, bu ugurlar boýunça döredilýän ähli zerur şertleri nazara alyp, ýurdumyzda innowasion ulgamy döretmek arkaly adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak, düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar we ylym ulgamlaryna çekmek wezipelerini öz içine alýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň we alymlaryň neslini kemala getirmek, bilim ulgamynyň ykdysadyýetini kämilleşdirmek, ylmyň we bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmak, tebigy we takyk ylymlaryň esasy ugurlaryny kämilleşdirmek, ösdürmek, käbir ugurlaryny täzeden döretmek Prezident Maksatnamasynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň iň gowy türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasynda: «Biz öňde goýan beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Beýik maksatlara bolsa, diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere hem-de üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar» diýip nygtady. Ine, şeýle belent ynam bildirilýän ýaş neslimiziň bu döwletli maslahatyň çözgütlerini durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys.
Oguljemal NURMYRADOWA
“Nesil” gazeti,
21.10.2017ý.