Beýik Garaşsyzlyk — taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşaýan arzuw-umytlarynyň, erk-islegleriniň amala aşmasydyr, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Türkmen halkyny, berkarar döwletini ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlyk halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Garaşsyzlyk — halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine — müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk — halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriň arasyndaky ykrar edilmesidir. Taryhyň ençeme synaglaryndan geçen, geçmişi şan-şöhrata beslenen edermen türkmen halky bu günki gün Garaşsyzlygyň näderejedäki gymmata eýedigine düşünýär we oňa mukaddeslik hökmünde baş egýär. Bu ýyl bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan türkmen halkymyz şanly Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda uly baýram edip belleýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllarynyň ähli döwürlerinde türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynda, Watan ykbalynyň täze belentliklere göterilmeginde, özbaşdaklygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmeginde çuňňur watansöýüjilik nusgasyny görkezip gelýär hem-de ata-baba arzuw-umytlaryny, özbaşdak, berkarar döwletlilik baradaky ynam-ygtykatlaryny pederlerimiziň ýaşan ýurdunda dabaralandyrýar.
Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyjy bilen paýtagtymyzyň tanalmaz derejede özgerdilmegi we Aşgabat şäheriniň ak mermere beslenen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze merjen şäheriň döredilmegi, Merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň peýda bolmagy, Amyderýanyň üstünden täze demir ýol hem-de awtomobil köprüleriniň gurulmagy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň aňrybaş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze-täze zawod-fabrikleriň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk, sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň abadanlaşdyrylyp, täze etraplaryň açylmagy, şäherçeleriň peýda bolmagy... Garaşsyzlygyň beýik belentligi bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şan-şöhratydyr. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhymyzy — baý milli mirasymyz gaýtadan dikeldildi. Muzeýleriň, kitaphana ulgamynyň işine täzeden badalga berlip, kinokonsert merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Halkara derejesindäki ençeme medeni çäreleriň, sergileriň, dost-doganlyk festiwallarynyň, dürli halklaryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi türkmen halkynyň egsilmez ruhy hazynasyna — medeniýetine, sungatyna döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Türkmenistan döwletiniň ýagty ertiri, türkmen halkynyň ak bagty üçin taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren DURDYGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky
Baş arhiw müdirliginiň ylmy-neşir bölüminiň uly ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
28.10.2017ý.