Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döremegi uly taryhy waka bolup, türkmen halkynyň ykbalynyň göterilen, bagtynyň çüwen güni hökmünde ýyl ýazgylaryna altyn sahypa bolup girdi.
Garaşsyzlygyň gymmatyna elmydama ünsi çekýän Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr» diýip, ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz Diýarynyň berkarar edilmegi bilen ýetilen beýik sepgitleriň, bitirilen il-ýurt bähbitli tutumly işleriň ummasyzdygyny belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan» atly kitabynda taryhyň ujypsyzja zamanynda Türkmenistan döwletiniň tanalmaz derejede özgerendigini, ösen döwletleriň hataryna goşulyp, bu gün dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ylalaşdyryjy we parahatçylygy goraýjy merkeze öwrülendigini nygtamagy, Garaşsyzlygyň datly miweleriniň sanardan kändigine ýene bir ýola şaýatlyk edýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde aýratyn hem alym Arkadagymyzyň tagallasy bilen ylym ulgamynda uly özgertmeler geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 12-nji iýunynda «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky» we «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi» hakyndaky kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň garamagynda Türkmenistanyň Ýokary hünär synagy komiteti, şeýle hem Türkmenistanyň Ylym we tehnika gaznasy döredildi. Bu hukuknamalaryň esasy maksady ýurdumyzda bitewi ylmy-tehniki syýasatyň alnyp barylmagyny üpjün etmekden, ylmyň iň täze gazananlarynyň Watanymyzyň halk hojalygynyň ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirmekden, ylmy-tehniki syýasatyny işläp düzmekden ybaratdyr.
Ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy hakynda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiz mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýola goýulmalydygyny, ýaş nesli ylma çekmelidigini her bir çykyşynda nygtaýar. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýylyň-ýylyna taslama bäsleşiginiň, ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy işleriniň bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaşlarda ylmy açyşlara höwesliligi has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy institutlar her ýyl aspirantura, doktorantura ýaşlaryň onlarçasyny kabul edýärler. Ylma howandarlyk edýän alym Arkadagymyzyň özüniň dünýäniň onlarça ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň hormatly doktory, professory derejelerine mynasyp bolmagy, milli Liderimiziň ylym ulgamynda edýän saldamly işleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara saparlarynda ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Ynha ýaňy-ýakynda 11-12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar hem-de olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» ady bilen geçirilen I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy hem şeýle başlangyçlaryň biridir. Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynyň çäklerinde iki ýurduň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň arasynda ekologiýa, energiýa serişdelerini tygşytlamagyň tehnologiýalaryny işläp düzmeklik, oba hojalygy, seýsmologiýa, lukmançylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, ylmy forumlaryň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Ýaş alymlara dünýäniň ylmy merkezlerinde özüniň tejribe işlerini geçirmäge, ylmy çeşmeleri peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän, ylmy esasda we arhiw çeşmelerine, ylmy edebiýatlara daýanylyp ýazylan kitaplary ýaş nesle ylmy işlerinde baş çeşme we ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Ylmyň iň täze gazananlary bilen öňe, diňe öňe barýan Garaşsyz Diýarymyzyň geljeginiň mundan beýlägem bagtyýar boljagyna şek-şübhe ýokdur. Parasatly akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözlerine uýýan türkmen halkymyz alym Arkadagymyza ylym ulgamyny ösdürmek babatda bitiren beýik işler üçin köp sagbolsun aýdýar. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Aýna BAÝMURADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
26.10.2017ý.