SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Sagdyn durmuş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Meniň geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlyk we ruhubelentlikdir. Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys» diýen ajaýyp jümlelerinden ugur alyp biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň, Hojambaz etrabynyň 1-nji sport mekdebi bilen bilelikde gyşky dynç alyş möwsüminde ýaşlarymyzyň wagtyny hasda täsirli geçirmek maksady bilen Hojambaz etrabynyň 1-nji sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik gurnadyk. Bäsleşik örän çekeleşikli bolup, bu bäsleşige gatnaşyjylara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Biz şeýle çäreleri geljekde hem yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýäris. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça öňde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmäge mynasyp goşandymyz bolar.

Şöhrat KADYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

11 Ýanwar 2025 | 74 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

11 Ýanwar 2025 | 75 okalan

BILIM KÄMILLIGIŇ BINÝADY

10 Ýanwar 2025 | 86 okalan

DARGAN GALASYNA GEZELENÇ