TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eserinde beýan edilýän milli gymmatlyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Mundan başga-da çäräniň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň halkara giňişligindäki eýeleýän möhüm orny barada çykyşlar edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 2 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 2 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP

07 Iýul 2025 | 1 okalan

MAŞGALAM — BAŞ GALAM