Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň şäheriň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenbaşy şäheriniň 3-nji orta mekdebinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserini tanyşdyrmak maksady bilen, şäheriň mugallymlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän ornunyň giňişleýin açylyp görkezilýändigini nygtamak bilen, eserde akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişiniň, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetiniň örän çeper beýan edilýändigini aýratyn bellediler. Mundan başga-da, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasaty dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýperi ATAHALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.