TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Çäräniň barşynda bagtyýar halkymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basandygy barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy hem beýik söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygy barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwletli tutumlarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 50 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 37 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 38 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI