...Arçanyň hem daşky sypatyny synlan adamlar onda bir üýtgeşik syryň gizlenendigini bada-bat aňýarlar.
Arça agajyny çapmak hem oňlanylmaýar. Oňa serwi agajy-da diýilýär. Munuň sebäbi ol Serwi diýen gyzyň ýürek arzuwlaryny özünde ýaşadýar diýip hasap edýärler. Bu waka Kesearkajyň dag jülgesinde ýerleşen obalaryň birinde bolup geçipdir. Hawa, Serwi öz obalaryndan Mälik atly oglany gowy görüpdir. Mälik hem gyzy janyndan eý görüpdir. Ýöne bularyň söýgüsini olaryň ene-atasy oňlamandyr. Munuňam sebäbi ýigit barly ýerden bolupdyr, gyz bolsa ejesi aradan çykanyndan soň, kakasynyň elinde galan bir pukara naçar ekeni. Ol gapylaryndaky iki baş dowaryny örä alyp gidýän eken. Mälik meýdana gezelenje çykanda, onuň güllerden çemen bogup oturandygyny görýär. Ol Serwiniň ulalyp gözelleşendigine haýran galýar. Çagakalar bile oýnan pursatlaryny göz öňüne getirýär. Gyzyň özüni hemişe-de mähriban hasaplandygy,Mäligiň ýüregini tolgundyrýar. Ol Serwini görmek üçin, her gün jülgä gelýär. Onuň bilen iki agyz gepleşip bilse, jany hezil edinip, öýlerine gaýdýar. Bir gün kakasy oglunyň nirä gidýändigini aňýar-da, oňa:
– Öz deňiňi saýla! Meniň gudaçylyk üçin haýsy gapylara barjagymy bilýänsiň – diýip, ogluna Serwiniň kakasy bilen guda bolmajakdyklaryny duýdurýar. Ýalbaranda hem kakasynyň özüni diňlemejekdigine Mäligiň gözi ýetip dur, ýöne gyzy unutmagy welin, ol ömür başarjakmy?!
Serwiniň kakasy hem ýalňyz gyzynyň göwnüne degmek islemeýär. Sebäbi Serwiniň ýüreginden Mäligi çykaryp biljek güýjüň ýokdugyna düşünýär. Mäligiň kakasy köp oýlanyp oturýar-da, ahyry Serwini unudar ýaly, ogluny uzak ýurtlara köp wagtlyk ugratmak kararyna gelýär. Oňa:
– Oglum, men ýaş wagtlarymda ylymly-bilimli bolmagy köp arzuw edipdim, ýöne kakam ir aradan çykyp, maşgala keşigi başyma düşendigi üçin, sowatsyz galdym. Häzir seni nirede okadaýyn diýsemem, ýagdaýym ýetýär. Sen meniň şu arzuwymy amala aşyr, oka! – diýýär.
Oglanda hem kakasy özelenip duranyndan soň, başga alaç galmaýar. Serwi bilen hoşlaşýar-da, uzak illere gidýär.
Şondan soň Serwiniň bar işi dagyň depesinde ösýän agajyň ýanynda oturyp, Mälige garaşmak bolýar. Serwiniň kakasynyň bolsa okuw meselesiniň baýyň ýaşlary aýra salmak üçin tapan pirimidigine akyly ýetip dur. «Barybir Mäligiň saňa öýlenmegine kakasy ýol bermez, öňüňizde her hili päsgelçilik döreder» diýip, gyzyna töwella edeni bilen, onuň magşuk ýüregine emri ýetmeýär. Kakasy özi aýatda dirikä, başynyň bogulmagyny näçe islese-de, Serwini göwnedip bilmeýär. Serwi Mälige garaşýar. Kakasy aradan çykýar, gyz hossarsyz galýar. Mäligi göz öňüne getirip ýaşaýar. Köplenç elindäki ýaglygyny galgadyp, dagyň depesine çykyp, uzaklara nazaryny dikýär. Mälik welin dolanmaýar. Gyz şol ýerde hasratdan ýaňa, Arça öwrülip galýar. Syn edip görseňiz, arça agajy sülmüräp duran, eli ýaglykly gyzy göz öňüňe getirýär. Tebigata howandarlyk nazary bilen garamagy, şeýle rowaýatlardan many alyp öwrenmeli.