Tehnologiýa dünýäsi

1. Sunswift Violet — Gün

batareýasynda işleýän ýeke-täk awtomobil.

Gün batareýasynda işleýän Sunswift Violet awtomobili Awstraliýada 4000 kilometrlik ýoly geçdi. Bu awtomobiliň iň ýokary tizligi sagatda 130 kilometre deň bolmak bilen, sürüjiler awtomobili sürenlerinde 60 km/sag tizlik derejesinden ýokary geçmeýärler, sebäbi ýeterlik derejede energiýanyň galmazlygy mümkindir.

Alýumin we kompozit materiallaryň ulanylmagy arkaly ulagyň agyrlygy 380 kilograma barabar edip döredilendir. Ulagyň başga-da aýratynlyklary — sowadyjy, nawigasiýa, Wi-Fi we yzky tarapynda ulagy duralgada goýmak üçin duýduryjy ýörite enjam ýaly ulgamlary özünde jemleýär.

2. Nike Unlimited stadium — wirtual (hyýaly) bäsdeşli stadion

2017-nji ýylyň tomsunda Nike kompaniýasy hemmeleriň öz ylgaw netijeleri bilen ýaryşyp biljek şekilinde, taýsyz sazlaşykly “Nike Unlimited stadium” atly ylgaw stadionyny Filippinleriň paýtagty Manilada ulanyşa berdi. Bu desga NikeRunning innowasion nusgasy bolan “Luner Epic” atly sport aýakgabynyň daban yzynyň şekilinde bolmak bilen ägirt uly ylgaw ýoly hödürleýär. Şeýle-de 200 metrlik ylgaw ýolunyň uzynlygy boýunça LED ekranlar dakylandyr.

Ylgawçy haçan-da birinji aýlawy geçende, mawy ekranda onuň ortalama tizligi ýatladylýar. Ikinji aýlawa başlanda bolsa mawy ekranda janlandyrylan ylgawçy — wirtual ekiz taýy emele gelip, başlangyç tizligi saklamak üçin hakyky ylgawçy bilen ýaryşýar.

Netijeleri hasaplamak üçin bolsa ylgawçynyň sport aýakgabynda bagjyga kynçylyksyz daňyp bolýan mikroçip (tolkun ýaýradyjy) goýulýar. Bu mikroçibiň kömegi bilen netijeleri alyp bolýar.

3. Dünýäniň ilkinji uçarmansyz taksisiniň barlag uçuşy

Ýaňy-ýakynda Dubaýda “Jumeirah Beach Parkyň” golaýynda dünýäniň ilkinji uçýan gatnaw taksisiniň barlag uçuşy geçirildi. Barlagyň netijeleri üstünlikli tamamlandy. Germaniýaly önüm öndüriji Volocopter kompaniýasy tarapyndan döredilen elektrikli uçarmansyz taksi 2 sany ýolagçy gatnadyp bilýär. Multikopteriň (köp rotorly wertolýotyň) uçuş wagty 30 minut bilen çäklendirilen, şoňa görä-de her 40 minutdan akkumulýatory kuwwatlandyrmak gerek bolup durýar. Akkumulýatoryň doly güýç almagy üçin bolsa 2 sagat gerek. Bu wagty enjamyň nobatdakysy çykmanka ep-esli azaltmak meýilleşdirilýär.

Bu uçarmansyz taksiniň iň ýokary tizligi sagatda ortaça 50-100 kilometrden ybaratdyr. Uçuş barlagyna Dubaýyň mirasdüşer şazadasy hem gatnaşdy. Dubaýyň dowamly ösmegi üçin uçarmansyz uçýan taksini has-da köp işläp taýýarlamak hökümet meýilnamasyna doly derejede goşulýar.

Ýurdaman AMANOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Abadan etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

31.10.2017ý.

Meňzeş habarlar