Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynyň Miras otagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň barşynda bagtyýar halkymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basandygy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň beýik söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasyny wasp edýän «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynadygy barada gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli tutumlarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.