Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Ýylymyzyň şygary – kalplarymyzyň owazy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan şamçyrag bolup hyzmat edýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Bagtyýar MATDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.