MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Baýramaly şäher bölüminiň bilelikde guramagynda «Beýik işler bagtyýarlygyň açary» ady bilen maslahat geçirildi. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata şäher bilim bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmunyň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de dabaraly maslahatda zenan mertebesiniň goralmagy, ýaşlaryň edep-ekramly, terbiýeli, ahlakly bolup ýetişmegi ugrunda ençeme işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Baýramgeldi GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar