ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ ŞAMÇYRAGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Ýylymyzyň şygary – kalbymyzyň şamçyragy» atly brifing duşuşygyny geçirdi. Onda Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň wekilleri, Geňeşiň düzümindäki Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň şygaryny dabaralandyrmak, geçen ýylyň dowamynda edilen hem-de täze ýylda ýaşlar bilen alnyp barylmaly işlere badalga bermek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň golaýda halkymyza sowgat beren «Hakyda göwheri» atly kitabynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň baý many-mazmuny, bu eserleriň halk tarapyndan gyzgyn garşylanyşy dogrusynda giňişleýin we täsirli çykyşlary etdiler. Şeýle-de, brifingiň dowamynda sorag-jogaplar alşyldy.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA