Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Türkmenistanyň döwlet Çeperçilik akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikler mynasybetli «Toýly ýylyň batly gadamlary» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan taryhy üstünligi, türkmen jigitleriniň ezberligi, gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň aýratynlyklary dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Azady MYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.