Ýakynda zehinli ýaş aýdymçylarymyzyň ýürek owazlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Biz owaz bilen» atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu sanyna Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň bagtyýar talyplary Çarygeldi Gulçarow hem-de Aýgözel Gurbanmyradowa gatnaşdylar. Aýgözel özüniň hoş owazly sesi bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmen gelin-gyzlary» şeýle hem «Jan käbäm», «Nurjanym» aýdymlaryny, Merdan bolsa «Göwherim», gitara saz guralynda «Aý gyz, Suraý» aýdymlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdi.
Ýazgynyň barşynda alyp barjy tarapyndan gatnaşyjylara ýörite sowallar berildi we ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatynyň pajarlap ösmegi üçin döredilýän şertler barada giňişleýin söhbet edildi. Bu aýdym-sazly söhbetdeşlik her hepdäniň şenbe güni «Biz owaz bilen» atly gepleşiginde ýaýlyma goýberilýär.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmaga, ösdürmäge giň ýol açýan, medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbahar AÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň hünärmeni.