Milli medeniýetimiziň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Çünki halkyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda, ilkinji nobatda ýaşlaryň hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda jemgyýetçilik garaýşyny kemala getirmek bilen üznüksiz baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň öz boluşly baýlygy – bu nesilden-nesile geçirilýän ruhy genji-hazynamyzdyr. Türkmen dünýäde milli mirasyny, geçmişini sarpalaýan, geljegini derejeleýän halk hökmünde tanalýar. Milli mirasymyza, ruhy hazynamyza sarpa goýmak, ony ylham çeşmesi, ruhy baýlyk hasaplamak Watanyňa, halkyň geçmişine, geljegine, ene topragyň barlyklaryna guwanmakdyr.
Yhna, şu jähtden ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň gurnamagynda Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň okuwçylarynyň arasynda “Milli mirasymyz egsilmez buýsanjymyz” ady bilen surat bäsleşigini geçirildi. Bäsleşikde okuwçy ýaşlar dürli reňkleri ulanyp milliliklerimiz bolan ajaýyp behişdi bedewlerimiziň, türkmen alabaýlarynyň, şaý-seplerimizi öz çeken suratlarynda beýan etmegi başardylar. Şeýlelikde bu surat bäsleşiginde I orna Roza Begenjowa, II orna Jennet Babamuradowa, III orna Jemal Azizowa dagylar mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji diýip yglan edilen okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň Hormat hatlary gowşurylyp, okuwçylara sungat äleminde üstünlikler arzuw edildi.
Ýaşlaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý Olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
Dursunjemal SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.