TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolmagymyzyň 30 ýyllygy barada giňişleýin durup geçdiler. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjelerdigi barada çykyş etdiler we söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň şeýle abadan we parahat durmuşda ýaşamagy, işlemegi we bilim almagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI