Ýakynda Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar hem-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir. “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” türkmen Bitaraplygynyň hoşniýetli, özara bähbitli, parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.
Şeýle-de ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin döwlet baştutanymyza hoşallyk beýan edilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly sepgitler we beýik ýeňişler bilen şöhratlandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Dabaraly maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ýakymly pursatlary döretdi. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza çäksiz buýsançlar öz beýanyny tapdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Rahman ERGEŞOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.