EÝJEJIKLER BÄSLEŞDILER

Ýakynda Aşgabat şäheriniň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly şadyýan bäsleşigiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça gyzjagazlar bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. 2-nji şerti boýunça bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. 3-nji şerti boýunça gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Gyzgalaňly geçen bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 139-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Gurbanowa Aýsenem, 2-nji orna 111-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Adyýewa Täçjemal, 3-nji orna bolsa, 114-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Annaýewa Aýbölek, şeýle hem 126-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Zollukowa Haltäç dagylar mynasyp boldular.

1-2-nji orna mynasyp bolan eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňiji bolanlara we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary hem-de höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ogulsabyr BABYLOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 0 okalan

SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI