BELENT ÖSÜŞLERE ŞANDYR BEDEWIM

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň çagalar sungat mekdebinde “Belent ösüşlere şandyr bedewim” atly şygar astynda surat sergisini geçirdi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” belent ýeňişler bilen başlamagy mynasybetli geçirilen bu çärä sungat mekdebine gatnaýan höwesjeň okuwçy ýaşlar we Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Sergide görkezilen eserlerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesinde geçirilýän birnäçe abraýly festiwallarda yzygiderli çykyş edip, gazanan üstünlikleri, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen, dünýä derejesinde abraýy barha ýokarlanýan sirk sungaty, türkmen bedewleri wasp edildi.

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA