TALYP GÖZELLER BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan eden «Talyp gözeli – 2025» atly gözellik bäsleşiginiň Türkmen oba hojalyk institut tapgyry geçirildi. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçen bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda talyp gyzlar bu hormatly ada mynasyp bolmak ugrunda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Talyplaryň görkezen çykyşlary olaryň taýýarlygynyň ýokarydygyny we zehinleriniň ýitidigini görkezdi.

Netije-de, 1-nji orna 2-nji ýyl talyp Aýgül Sähedowa, 2-nji orna 2-nji ýyl talyp Gülnur Agadurdyýewa, 3-nji orna 3-nji ýyl talyp Aýnur Mirzaýewa dagylar mynasyp boldular. Baş baýraga institutyň 3-nji ýyl talyby Gözel Haýtgulyýewa mynasyp bolup, ol bäsleşigiň jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşige gatnaşanlar we ony guraýjylar ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, millilik, ynsanperwerlik hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

Meňzeş habarlar

01 Mart 2025 | 0 okalan

SAGDYN MAŞGALA – SAGDYN JEMGYÝET

26 Fewral 2025 | 166 okalan

TALYP GÖZELLER BÄSLEŞDILER

25 Fewral 2025 | 373 okalan

BELENT ÖSÜŞLERE ŞANDYR BEDEWIM