BAGYM BAR – BARYM BAR

Ýakynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň iň bir gözel künjeginde ählihalk bag ekişlik dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Oňa şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlar, ak sakal gojalar, kümüş saçly eneler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ähli halk bag ekişlik dabarasynyň geçiriljek ýeri medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşyp, oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Bagtyýarlyga we zähmet üstünligine beslenen dabaranyň ahyrynda şäheriň çäginde geljekki tokaý zolagy döredi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 41 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 373 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR