Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Halaç etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda sport bilen yzygiderli meşgullanmak, we olaryň höwesini artdyrmak, maksady bilen “Bedenterbiýe we sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy” ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Çekeleşikli ýaryşda türgenler sport ussatlyklaryny görkezdiler. Onda ýeňiji bolan we aýratyn tapawutlanan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.