Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Beýik işleriň, uly tutumlaryň, döredijilikli zähmetiň egsilmez ruhy bilen şany dünýä dolýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenýär. «Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýaş nesillerimiziň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe uly üns bereris» diýip belleýän Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan öňde goýulýar we bu ugurda uly aladalar edilýär.
Golaýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 6-njy sport mekdebinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi hem-de Köýtendag bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde 2011-2012-nji ýyl oglanlaryň arasynda «Berk bedenli türkmen ýaşlary» ady bilen sportyň kuraş görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Çekeleşikli geçen ýaryşda türgenler sport ussatlyklaryny görkezdiler. Onda ýeňiji bolan we aýratyn tapawutlanan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Döwletgeldi ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.