Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar, taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe we sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Umuman, häzirki döwürde Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, sport ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem mümkinçiliklere eýedir. Döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türgenlerimiz ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar.
Döredilýän mümkinçilikleri nazara alyp ýakynda Lebap welaýatynyň Farap şypahanasynda “Bütindünýä Saglyk güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesi, Çärjew etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar barada uly aladalary edýän, okamaga, öwrenmäge, saglygy goramak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.