Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Kerki etrap bölüminde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Kerki etraby bilen bilelikde guramagynda, etrabyň 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylaryň arasynda «Ýaş meýletinçiler» atly duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Ýaşlary meýletinçilik işine çekmek, olaryň arasynda türkmen milli häsiýetlerini, şol sanda Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, hemaýatkärlik ýaly asylly ýörelgeleri açyp görkezmek, adatdan daşary ýagdaýlar, howpsuzlyk düzgünleri barada wagyz edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.