DÖWRÜMIZIŇ ÖSÜŞLERINIŇ BEÝANY

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag» seýilgähinde «Döwrümiziň ösüşleriniň beýany» atly şygar bilen gezelenç çäresi geçirildi.

Ýaz paslynyň jana ýakymly mylaýym howasynda geçirilen bu gezelenç örän täsirli boldy. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşleri, ýaşlaryň ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamynda gazanan üstünlikleri barada, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabadyň dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertlerini özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrülendigi, her ýylda paýtagtymyzda täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlarynyň kemala gelýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Enejan DOLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI