Ýakynda Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Hemişelik Bitaraplyk — Watanymyzyň gymmatlygy» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki joşgunly aýdym-sazlardan, milli öwüşginli tans we halk döredijilik çykyşlaryndan uly täsirleri aldylar. Welaýatymyzyň tanymal bagşy sazandalarynyň, sahna ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen ajaýyp başlangyçlary, dünýäde arşa göterilýän şan-şöhraty belent waspyny tapdy. Şeýle bolansoň, joşgunly sungat çykyşlarynyň her biri dowamly el çarpmalar bilen garşylandy.
Owadan toý meýdançasynyň töweregini bezän giň göwrümli sergidir tomaşalar hem ünsi çekiji boldy. Bu ýerdäki baý öwüşginli görnüşler beýik döwrümiziň döredijilik ruhuny äşgär görkezip, ýakymly täsirleri döretdi.
Aýjahan ÇALIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.