ÝAŞLAR MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝINDE BOLDULAR

Ýakynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine ýetginjek ýaşlar üçin syýahat gurnaldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guran syýahaty örän täsirli boldy.

Ýaşlaryň türkmen topragynyň baý taryhyna, milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini, watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmak hem-de şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen syýahat, oňa gatnaşyjylarda muzeýiň gymmatlyklary we maglumatlaryny diňläp örän gyzyklanma bilen synladylar.

Muzeýiň hünärmenleriniň ol ýerdäki tapyndylar we maglumatlar, hakynda aýratyn-da, halkymyzyň gadymy ekerançylyk medeniýetini, ata-babalarymyzyň baý mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar dogrusyndaky gürrüňleri has uly täsirleri galdyrdy.

Aýnagözel NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar