ABRAÝY DÜNÝÄ DOLAN BITARAP DIÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýar. Baky Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan döwletimiz barha belent sepgitlere eýe bolýar. Bu günki gün eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir öňdengörüjilikli başlangyjynyň, çuňňur paýhasa ýugrulan taglymatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyndan hem görmek bolýar.

Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Şuňa laýyklykda, ýurdumyz soňky ýyllarda halkara giňişliginde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Bu bolsa hemişelik Bitarap Diýarymyza goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de beýgeltmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan döwletimiz bilen uzakmöhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artýandygy ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup duran ýurtlar tarapyndan üç gezek resmi taýdan ykrar edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň netijesidir. Biziň döwletimiz dünýäniň ähli ýurtlary babatda hoşniýetli, ynsanperwer garaýyşlardan ugur almak bilen, dünýäde ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, asudalygyň we parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek baradaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň gün-günden artýandygyny, dünýä giňişliginde howpsuzlygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrýandygyny äşgär edýär.

Hemişelik Bitaraplyk dünýä halklarynyň arasyndaky parahatçylygy we abadançylygy, durnukly ösüşiň we oňyn hyzmatdaşlygyň dabaralanmasydyr. Bitaraplyk – munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, ýaşaýyş-durmuş ugurlaryny özünde jemleýän halkara gatnaşyklarynda zerur meseleleri çözmegiň köpugurly guralydyr. Türkmenistan döwletimiziň geografik taýdan iň amatly ýerde ýerleşmegi halklaryň arasyndaky dost doganlygy ösdürmekde, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda oňyn netijeleri berýär. Munuň özi sebitiň we dünýäniň ykdysady ösüşine hem täze mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny özüniň içeri we daşary syýasatynyň binýady hasap etmek bilen, halkara hukugynyň umumy kadalaryna ygrarly bolup, halkara konwensiýalaryndan gelip çykýan möhüm wezipeler boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýär. Döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolansoň, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň öňünde abraýynyň belentdigini görkezýär. Bu merkez sebitde goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, parahatçylygy berjaý etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ata Watanymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bilen Türkmenistanyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen gatnaşyklary has-da rowaçlandy.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, şeýle hem dünýäniň beýleki iri halkara guramalarynyň mejlislerinde öňe sürýän teklipleridir başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Munuň özi şol teklipleriň, başlangyçlaryň bütin adamzadyň parahat we bagtyýar ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilendigini tassyklaýar.

Goý, gözel Diýarymyzy bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere tarap öňe alyp barýan, Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmak ugrunda bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmeniň ýaşyl Baýdagy parahatçylygyň nyşany hökmünde dünýäde belentden-belent parlasyn!

Şamyrat GYLYÇMYRADOW,

Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň

direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap

Geňeşiniň işjeň agzasy.

 

Meňzeş habarlar